logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Gallaçylaryň armasy ýetirilýär
  19.06.2021
575
Gallaçylaryň armasy ýetirilýär

Babadaýhan etrabynda galla oragynyň giň gerime eýe bolan häzirki günlerinde möwsüme gatnaşyjylaryň işe höwesini artdyrmak maksady bilen, netijeli çäreler alnyp barylýar. Şol maksat bilen etrabyň Türkmenistan daýhan birleşiginde gallaçylaryň arasynda aýdym-sazly medeni-dynç alyş çäresi geçirildi. Giň gözýetime uzalyp gidýän, tylla möwüşginli galla meýdanyň  golaýynda guralan bu çärä gallaçy, kärendeçiler, awtoulag sürüjileri we bu möhüm işe ýardam edýän beýleki zähmetkeşler gatnaşdy.

           Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, KA-nyň etrap Birleşmesiniň,  TMÝG-niň etrap Geňeşiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çärede zähmetkeşleriň armasy ýetirildi. Aýdym-sazlar ýaňlandy. Joşgunly aýdym-sazlarda, tanslarda, halk döredijilik çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň, eşretli durmuşymyzyň, edermen babadaýhanlarymyzyň waspy ýetirildi. 

             Ajaýyp çykyşlaryň dowamynda öňdebaryjy kombaýynçylara, kärendeçilere we hasyly harmana daşaýjy awtoulag sürüjilerine TDP-niň etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa zähmetkeşlere özboluşly ruhubelentlik berdi, päk zähmete höweslerini artdyrdy. 

            Bu ýere ýygnananlara hormatly Prezidentimiziň “Çaý ylham hem melhem” kitaby esasynda taýýarlanan melhemlik çaýlar köpçülige hödürlenildi. Çärede Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan guralan sergiler hem köpçülikde uly gyzyklanma döretdi.