Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /GALLALY IL – GALALY IL
  16.06.2022
850
GALLALY IL – GALALY IL

Ýakynda galla oragy möwsümine gatnaşýan sürüjileriň, mehanizatorlaryň, kärendeçileriň şeýle hem kärhananyň zähmetkeşleriniň gatnaşmagynda Tejen etrap  galla önümleri kärhanasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy hem-de Tejen etrap Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyp geplänler gallaçylara Watanymyzyň kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk has-da ýokarlanmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ruhlaryny galkyndyryp, geljekki zähmet ýeňişlerine badalga berýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Ine şu ýyl hem ýurdumyzyň ähli ýerlerinde türkmeniň ak bugdaýynyň bol hasyly ýetişdirildi. Daýhan mukaddes ak bugdaýyň ýekeje dänesinem yrýa etmän ýygnap almak üçin ähli güýjüni bir ýere jemläp, işe girişdi.

Türkmen daýhany halal zähmeti bilen atyzlarda mukaddes ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiz ýerden bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredýär. Daýhan ýerden, suwdan, dökünden, tehnikadan peýdalanmaga giň şertleriň döredilendigi üçin halal zähmetini gaýgyrmaýar. Döwlete tabşyran dänäň üçin wagtynda hasaplaşyk geçirilmegi bolsa daýhana egsilmez ruhy güýç berýär.

Daýhanlarymyz şol açyk-aýdyň ýoly mynasyp dowam etdirip, ählihalk baýlygyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmakda häzirki depginlerini gowşatman zähmet çekýärler hem-de oba-hojalyk pudagyny ösdürmekde beýik işler alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.

Ogulbagt AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal
welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri
.