Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Gallaly ýurt bereketli Watan
  28.05.2020
490
Gallaly ýurt bereketli Watan

      Tomus paslynyň gelýän şu günlerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we daýhan birleşiklerinde 2020-nji ýylyň galla oragyna taýýarlyk işleri ýokary derejede guramaçylykly alnyp barylýar. Daýhanlaryň daban azaby bilen ýetişdirilen ak bugdaýyň bol hasylyny ýitgisiz ýygnamak ugrunda oba-hojalyk tehnikalarynyň serediş, abatlaýyş işleri geçirilip, olary galla oragyna taýýarlamakda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle işler ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň gallaçy-kärendeçileri tarapyndan hem güýçli depginde dowam  etdirilýär.  Etrabyň gallaçylary 31 000 gektarda ak bugdaýyň bol hasylyny alyp, gyşgursak ak bugdaýyň hasylyny döwlet ammaryna artygy bilen tabşyrmaklygy maksat edinýärler.

      Umuman 2020-nji ýylyň galla oragy möwsüminde  “CLASS”, “John Deere”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlar işlediler. Işler iki çalşykda gije-gündizleýin alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

    Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan berlen ýük ulaglary işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanala taýýarlanylyp,  olarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär.

    Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

       Ýurdumyzda oba-hojalyk pudagyna aýratyn üns berilýändigi, wagtly-wagtyna tehnikalar, dökünler bilen üpjün edilýändiginden hoşal bolan etrabyň kärendeçileri häzirki wagtda bu işe has-da höwesli çemeleşýärler.

         Harmanyňyza bereket eziz gallaçylar!