logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Gämi oba Medeniýet öýünde iň eýjejik gyzjagazlar bäsleşdi
  10.03.2023
951
Gämi oba Medeniýet öýünde iň eýjejik gyzjagazlar bäsleşdi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan gyzjagazlaryň arasynda bilelikde yglan eden bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrap tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.

Bäsleşik okuwçy gyzjagazlar üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Şadyýan gyzjagalar degişli şertler esasynda çykyş etmek bilen, aýdym-saz babatdaky zehinini açyp görkezdiler, milliligimize bolan söýgüsini beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary örän täsirli boldy. Aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Kaka etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Melek Nurmyradowa birinji, Tejen etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulnäzik Döwletowa ikinji orna mynasyp bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.