logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ganatlan sen öňe uç sen Gyratym
  07.12.2021
978
Ganatlan sen öňe uç sen Gyratym

Ady rowaýata öwrülen Behişdi bedewlerimiz bu gün türkmen adyny şan-şöhratyny has-da belende galdylýar. Türkmen halky ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän milli atşynaslyk ýoluny häli-häzir meniň Ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, ýüwrükligi, hem-de tans hereketleri bilen göreni haýrana galdyrýar.

Ösüşiň belent bady bilen öňe sary aýgytly gadam basýan. Agzybir türkmen halky özüne Behişdi bedewini ynsan deý ezizleýär. Ýagny ýakynda ahal-teke atçylyk sport toplumynda Akhanyň neslinden dörän bu taýyň jadylaýjy herekleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy hem-de Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat şäheriniň 140 ýylly toýy mynasybetli bu taýa hem “Aşgabat” diýip at dakyldy.

Edermen türkmen halkymyz özüniň şöhratly ýoluny bedew bady bilen öňe alyp barýar. Ata-babalarymyz “Atym bar-ganatym bar” diýen aýtgynlaryda bedew atyna bolan söýgüsini açyp görkezýär. “Atda wepada bar sapada” atly eser hem Behişdi bedewlerimiziň gözelliginiň wepalylygynyň tarypnama eseri bolup durýar. At owazasy giň jahana ýaň salan behişdi bedewlerimiz dünýäniň ençeme iri-iri halkara bäsleşiklerinde owadanlygy, ýyndamlygy we ajaýyp hereketleri  bilen baýrakly orunlara mynasyp bolýar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyz ençeme döwletlerde geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp türkmeniň, ýaşyl tuguny belende götermegi başarmagyda muňa aýdyň subutnama bolup durýar.

Bedew bady bilen ösüşler, özgerişler ýolunda aýgytly gadam basýan agzybir türkmen halkymyzyň abraýy ady şan-şöhraty mundan-da beýläk belentliklere göterilsin.