Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ganatly bedewler — üstünliklerimiziň nyşany
  15.09.2025
1205
Ganatly bedewler — üstünliklerimiziň nyşany

Gadymdan bäri türkmeniň toýunda ýoldaşy, ýowuz günde syrdaşy bolup gelen bedewlerimiz, häzirki döwrümizde bagtyýar durmuşymyzyň nurana nyşanyna, ösüşlere beslenýän ýurdumyzdaky belent depginiň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň hem-de mukaddes maksatlarymyzyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Şeýle hem olar dünýä medeniýetiniň gymmatly baýlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

 

Ata-babalarymyzyň zähmeti we paýhasy bilen emele gelen atçylyk sungatynda türkmen halkynyň baý dünýägaraýyşy, pelsepesi, geçmişiniň yzy bar. Gözelligi, naz-nygmaty bilen deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Pederlerimiz ahalteke atlaryny hem-de alabaýlaryny iň ýakyn syrdaş we wepaly dost hasaplapdyrlar. Gojaman taryh hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Batyr türkmen ýigitleri bilen bedewleriň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklary köpsanly nusgawy eserlerimizde çeper beýan edilýär. Ol eserlerde atyň öz eýesine bolan ygrary we dostlugy täsirli suratlandyrylýar.

 

Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, türkmen bedewlerini halkara ýaryşlara taýýarlamak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan öňdebaryjy usullar giňden ornaşdyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, döwrebap aýlawlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň üstünlikli işlemegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly gymmatly kitaplary halkymyza uly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu eserler ahalteke bedewleriniň gözelliginiň, ýyndamlygynyň waspyny dowam etdirýär.

 

Ähli döwürlerde halkymyzyň syrdaşy we göz-guwanjy bolup gelen ahalteke bedewleriniň abraýy dünýäde günsaýyn artýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

 

Milli gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmak üçin yhlas edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ahalteke bedewlerini iň gymmatly milli baýlygymyz hökmünde nygtaýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris!

 

Selbiniýaz BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidenti bölüminiň kiçi ylmy işgäri.