logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gant şugundyryna ýokary depginde ideg edilýär
  07.10.2022
815
Gant şugundyryna ýokary depginde ideg edilýär

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda şu möwsümde 14 müň 900 gektar meýdana gant şugundyry ekilip, häzirki wagtda bu azyklyk ekine ýokary depginde ideg edilýär.

Tohumyň hiliniň ýokary bolmagy, ýerleriň göwnejaý taýýarlanmagy we ekişiň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde şu ýyl has gowy gögerişiň alynmagyna esas döretdi. Welaýatda oktýabr aýynyň ahyrlaryna hasyl ýygymyna girişiler. Ekerançylaryň zerur tehnika we mineral dökünler bilen üpjün edilişi üns merkezinde saklanýar.

Welaýatyň oba-hojalyk pudagy boýunça ussat hünärmenleri şugundyra ideg etmek we ony zyýanly mör-möjeklerden goramak babatda daýhanlara maslahat we kömek berýärler. Şu ýyl ýurdumyz boýunça gant şugundyrynyň 224 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.