logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /"Gapma-garşylyk" Erazm Rotterdamskä öýkünme- Aşyrmät GARLYÝEW
  28.08.2023
779
"Gapma-garşylyk" Erazm Rotterdamskä öýkünme- Aşyrmät GARLYÝEW

Howaýylyk däl bi, seljerip sözüm,
Dünýäň her zadynyň tap iki ýüzün.

 

Samsyklyk gizlenýär astynda görküň,
Tagaşyksyzlykdan däl, suluwdan gorkuň.

 

Düşünmek kynam däl, bilseň saýgaryp,
Baý, garyp däl, baý-garyp däl, baý – garyp.

 

Masgara bolmakdan çekinmeýänler,
Soň geliň, şöhratym çekiň diýýärler.

 

Alymlygyň gujagynda akmaklyk,
Güýçlülige mahsus maýyp çykmaklyk.

 

Ynsaplylyk garyplygy gyssaýar,
Şady-horramlyk bar, diýmek gussa bar.

 

Düşünmek diýmeklik – köýmek diýmekdir,
Dostluk diýmek – duşmançylyk diýmekdir.

 

Bähbidiň goýnunda saklanýar zyýan,
Bimöçber hyruç bar süňňünde haýaň.

 

Öli ýaly bolup ýören adamlar,
Diriligiň bar lezzetin dadarlar.

 

Ýaşaýşyň goýnunda saklanýar biliň,
Ömrüň jemlenmesi, ahyry – ölüm.