logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /GARA SARYMSAGYŇ PEÝDASY
  09.12.2022
1556
GARA SARYMSAGYŇ PEÝDASY

Gara sarymsak ( Black garlic ) – soganlar maşgalasyna degişli bolan peýdaly  ekin hasaplanýar. Gelip çykyşy boýunça taryhy dürli döwürleri öz içine alýar. Köp çeşmelere görä, onuň watany Gadymy Koreýa hasaplanýar.

Gara sarymsak ak sarymsak bilen deňeşdirilende birnäçe artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar. Ol özüniň düzüminde ak sarymsaga görä antioksidantlaryň uly goruny saklaýar, ýagny, iki sany güýçli antioksidant–flawinoidleriň we alkoloidleriň mukdary ak sarymsagyňka görä 5 esse köpdür. Bu antioksidantlar bedeni erkin radikallardan gorap saklaýar. Ol dürli keselleri bejermekde, ýagny  alsgeýmer (beýniniň bejerip bolmaýan, akyl ukubynyň  kem-kemden ýitmegi bilen bagly ýüze çykýan  kesel), ýürek-damar ýollaryndaky döreýän keselleriň öňüni alýar, dürli sowuklamalardan gorap saklaýar. Ondan başga-da düzümi boýunça gara sarymsak magniý, kalsiý, kaliý, makro we mikro elementlerine  hem örän baýdyr.

Gara sarymsakda ak sarymsak bilen deňeşdirende  adamy biynjalyk edýän ysy ýokdyr. Onyň şeýle yssyz bolmagy ony eliň ýa-da pyçak bilen keseniňde  howa bölünip çykýan  «allisin» atly işjeň madda  bilen baglydyr. Gara sarymsagy guradylan miweler ýaly gaýtadan işlemezden iýmitlere goşup, peýdalanyp bolýar. Ol esasan hem peýnirli we etli önümlerde, balykly we kömelekli tagamlar taýýarlananda ýokary derejede peýdalanylýar. Diňe bir duzly tagamlar däl eýsem süýjüli,  kontiter we şokoladly  önümlerini taýýarlamakda hem ulanylýar. Sebäbi  şekerliligi boýunça ak sarymsakdan ýokary hasaplanýar. 

 

Firuza DOSÇANOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.