Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Saglyk /Gara üzümiň ähmiýetli taraplary nämede?
  09.03.2023
1304
Gara üzümiň ähmiýetli taraplary nämede?

Gara üzüm köp sanly hünärmenler tarapyndan üzüm görnüşleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biri hasaplanýar. Eger üzümiň daşky gara reňki näçe ýokary bolsa, antosianinleriň düzümi şonça hem ýokarydyr. Bu maddalar erkin radikallary aýyrmak, gan damarlaryny arassalamak, ateroskleroz we ýürek-damar keselleriniň döremeginiň öňüni almak ýaly bedene çylşyrymly täsir edýär.

Organiki kislotalaryň hemmesi diýen ýaly gara üzüm görnüşlerinde ýygnanýar: aldegid, alma, limon, suksin we başgalar. Olar ýagyň täsirli alyş-çalşyny, holesteriniň derejesini peseldýärler, şeýle hem böwrek daşlarynyň döremegine ýol bermeýär. Üzümiň peýdalary kislotalaryň kadaly iýmit siňdiriş prosesine gatnaşmagy, işdäňi ýokarlandyrmagy bilen hem ýüze çykýar. Gara üzümde tebigatyň iň güýçli antioksidantlaryndan biri bolan rezerwatrol bar. Ol aýratynlyklary boýunça E witaminden ýokarydyr. Bu lezzetli miwe çişmä garşy täsir edýär. Iýmitleniş hünärmenleri gara kişmişi ulanmagy maslahat berýärler. Üzüm ösüp gelýän organizmiň süňk dokumalarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar we nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär. Bedeniň allergiki täsiri ýok bolsa, miwäni iýmite goşup bolar. Gara üzüm diňe bir ulularda däl, çagalarda-da metabolizmi gowulandyrýar. Onuň peýdaly häsiýetleri kosmetologiýada hem ulanylýar: tohumlaryndan tapylan iň güýçli antioksidant ýaşlygy we gözelligi uzaldýar. Üzümi yzygiderli iýmek bilen, dem alyş ulgamynda ýygnanan tozanjyklar aýrylýar. Gara üzümi ulanmak maslahat berilmeýän adamlaryň belli bir sanawynda semizlikden, aşgazan ýarasy, süýji keselinden ejir çekýänler bar. 

Gara üzümiň düzümi: askorbin kislotasy; tokoferol; flawonoidler; tiamin; riboflawin; holin; pantoten, foliý turşulyklary; mikroelementler we peýdaly minerallar.

Gara üzümiň bişen miwesinde ýaşyl miwelerine garanda has köp flawonoid bolýar. Bu maddalar bedene zäherli elementleriň we radionukleidleriň täsir etmeginden goraýar, şeýle hem gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär. Gara üzümde adam bedeninde sintez edilmeýän, diňe iýmit bilen gelýän antosianinler bar.

Şeýle-de ol ýatkeşligiň tizligini ýokarlandyrýar, Alsgeýmer keseliniň döremek ähtimallygyny peseldýär we toksinleri aýyrýar, gandaky şeker derejesini kadalaşdyrýar we depressiýany peseldýär. 

Gara üzümiň sarp edilişi: 

Sagdyn adamlara günde gara üzümi ýeterlik mukdarda iýmek maslahat berilýär. Emma süýji keseli ýa-da aşgazan-içege keselleriniň güýçlenmegi bilen üzüm iýmegiň zerurlygy ýok. Kişmişde ýokumly maddalar köp, ýöne şeker hem köp. Şonuň üçin süýji keselinde guradylan üzümi ulanmak zyýanlydyr. Kişmişde kaliý köp. Şonuň üçin duzly iýmitleri iýlenden soň iýmeli, sebäbi şol kaliý köp mukdarda natriýniň täsirini zyýansyzlandyrýar we bedeni basyşdan goraýar. 

 

Mekan DURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.