Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Garagum çöli
  07.07.2020
2584
Garagum çöli

     Çöl tebigaty durşy bilen gapma-garşylyk: baharda dürli elwan güllerdir otlar misli halyny ýatlatsa, tomsuna gurap galýar, güýzde ygal düşse ýene jana girýär, gyşyna-da aňzak sowukdan jansyz bir zada dönýär. Ösümlikleriň aglabasy gyzgyn howa, tomsuň gurak howasyna we aňzak gyşa gowy uýgunlaşypdyrlar, gurak ýerlerde ösýän gysga möwsümli ösümlikler tomsuň başyna çenli tohum berip ýetişýärler.

      Garagum çöli çägelik, mele toprak, toýunsow, daşly, çagylly, şor topraklardan ybaratdyr. Günortasy Köpetdagyň gözel jülgeleridir gaýalaryna direýän bu uç-gyraksyz düzlüklerde köllerdir gurak subtropik ýerler, daşlar, toýunsow düzlükler,ürgün çägeli ýaýylyp ýatan meýdanlar gabat gelýär. Merkezi we Gündogar Garagumyň, Murgap we Tejen derýalarynyň töwereginiň, Amyderýanyň sag kenaryndaky Sandykly çölüniň, Üçtagan gumunyň topragy biri-birine meňzeş. Garagum çägelerini tämizleýän gum howasyny ýatlanyňda duzly şemallaryň, çöl ösümlikleriniň ajymtyk ysy, az sanly köllerde biten gamyşlaryň ygşyldysy ýada düşýär. Merkezi Garagumda uç-gyraksyz gum depeleri ýaýylyp ýatyr. Gargumyň çäge depeleriniň astynda gatan takyrlar,şorlan we kakap galan dykyz toýunlar, çagyl gatlaklary, harsaň ýerler gabat gelýär. Olary basan ençeme kilometre uzap gidýän ortaça gum depeleriniň boýy otuz metre ýetýär.

Gündogarda:”Çöli görmedik älemi bilmez” diýen söz bar. Garagumyň jümmüşinde gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý ýataklary bar, üsti suwsyz gurak bolsa-da, astynda suw gorlary ýatyr. Toprak öwreniji alymlara ýer astyndaky suwuň süýjüdigini ýa-da şordugyny anyklamaga tebigatyň özi kömege gelýär, esasy zat ösümliklere siňňin syn etmeli.

      Garagum çölindäki haýwanlary we onda bitýän ösümlikleri gorap saklamak üçin 2013-njin ýylda 87 müň gektardan gowrak meýdany bolan Ahal welaýatynyň demirgazygynda Bereketli Garagum çöli goraghanasy döredildi. Tebigaty goralýan ýerlerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bürgüt, çakyryk, keýik duş gelýär hem-de sogdian çigildemi, delil gandym, Garagum çomujy ýaly özboluşly çöl ösümlikleriniň gymmatly görnüşleri bar.