logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Garagum derýasy gyrmançadan arassalanýar
  09.11.2022
1655
Garagum derýasy gyrmançadan arassalanýar

«Garagumsuwgurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň işgärleri Garagum derýasyny gyrmançadan arassalamakda yhlasly zähmet çekýärler. Olar bu işde Nederlandlar Patyşalygyndan satyn alnan täze hem-de öňden bar bolan läbik sorujylaryň 17-sini gurat işledýärler. Olaryň her biri sagatda 230 kub metrden 280 kub metre çenli läbigi derýanyň hanasyndan daşyna çykarýar.

Häzir dolanyşygyň läbik sorujylary derýanyň 315-nji kilometrinden 320-nji kilometrine çenli aralykda akabany gyrmançadan arassalamak we onuň suw geçirijiligini artdyrmak üçin alnyp barylýan işleriň birinji tapgyryny üstünlikli tamamladylar. Läbik sorujylaryň maşinistleri hepdelik iş çalşygynda zähmet çekýärler.