logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /GARAGUM SÄHRÄSY!
  07.10.2020
1711
GARAGUM SÄHRÄSY!

      Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp ýol-ýörelgämizdir. Garagum sährasy, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi halkymyzyň gymmatly tebigy baýlygy bolup durýandyr, hem-de sagdynlygynyň sakasydyr. Sebäbi Garagumda ynsan saglygy üçin derman ot çöpleriň ençemesi bar. Bu barada “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli giňişleýin maglumat berilýär. Bu baýlyklary gorap saklamak hem-de täsin gözellikleri asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek her bir türkmeniň mukaddes borjy bolup durýar. Garagum çölünde Türkmenistanyň täsin tebigy aýratynlyklaryna has köp duş gelmek bilen bu giň sähra täsinligi, owadanlygy nukdaýnazaryndan özünde birnäçe syrlary saklaýar. Bu çöl Afrikanyň çöllükleri ýaly birsydyrgyn görnüşli bolman, tebigy köpdürlüligi bilen her bir adamda ýatdan çykmajak täsirleri hem galdyrýar. Çöl tebigatynyň ilkibaşdaky görnüşi, üýtgewsiz diýen ýaly saklanan düzlük şeýle hem çöllük ekoulgamyny öwrenmek üçin haýwanat, ösümlik, hojalyk-ekologik gözlegleri geçirmek nukdaýnazaryndan Garagumuň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Mundan başga-da ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda tutumly işler amala aşyrylýandygyna Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli şaýatlyk edýär. Öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslamanyň Türkmenistan üçin hem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Bu ajaýyp köl ýurdumyzyň, şol sanda Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda, şeýle hem tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyny durnuklaşdyrmakda örän möhümdir. Häzirki wagtda bu ýerde medeni zolaklary, öri meýdanlaryny döretmek babatda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. «Altyn asyr» Türkmen köli balykçylyk hojalyklaryny emele getirmekde we ösdürmekde, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan we düşläp geçýän guşlaryň sanyny artdyrmakda peýdasy uludyr. Garagum sährasy ýakyn geljekde ilatyň köpçülikleýin göçüp barýan mekanyna öwrüler. Bu sährada döwrebap ýaşaýyş jaýlary, jemagat hem senagat binalary, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ojaklary, sport desgalary, dynç alyş zolaklary kemala geler. Häzirki döwürde şol beýik işleriň buşlukçysy hökmünde kölüň golaýynda ýaýbaňlanan gurluşyklara gözümiz düşende, göwnümiz galkynyp, buýsanjymyz goşalanýar.