logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Garagum ýalkymy
  23.02.2020
1077
Garagum ýalkymy

      Türkmenistanyň meşhur syýahatçylyk ýadygärlikleriniň biri bolan “Garagum ýalkymy” Ýer ýüzüniň iň täsin ýerleriniň sanawyna girizildi. Bu sanaw Hytaýyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň biri hem-de iň iri maglumat ulgamy bolan “sohu.kom” tarapyndan düzüldi.

      Žurnalistler Ýer ýüzündäki iň özboluşly hem gaýtalanmajak tebigy ýadygärlikleriň sanawyny düzdiler. Bu sanawa Ýer ýüzünde başga hiç ýerde duş gelmeýän täsinlikler girizildi. “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyrylýan, bütin dünýä belli alaw Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýär. Giň sähranyň merkezindäki ägirt uly alaw täsinlik hökmünde ykrar edildi. “Garagum ýalkymy” alawynyň özüne çekijiliginiň sebäbine düşünjek bolýan jahankeşdeler bu künjek bilen gyzyklanýarlar.

    Bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary, gök asman we sähranyň özboluşlylygy ynsan ruhuna oňyn täsirini ýetirýär. Agşam düşmegi bilen täsinligiň ýokarsynda al öwüsýän öwüşgin emele gelýär. Alaw bu töwereklere öz ýylylygyny eçilýär. Agşamara täsinligi synlan syýahatçylaryň bu görnüşlere haýran galmagy tötänden däldir. Alawyň özboluşly öwüşgini günbatarda emele gelen altynsow şapagyň şekili bilen utgaşyp, gözellik döredýär. “Garagum ýalkymy” tebigy gaz ýatagy bolup, ol 1971-nji ýylda gözleg işleri alnyp barlanda, topragyň opurylmagy netijesinde emele geldi. Oýlugyň diýametri 69 metre we çuňlugy 30metre ýetýär.

    Neşiriň bellemegine görä, soňky 5 ýylyň içinde bu ýere dürli ýurtlardan 50 müňden gowrak jahankeşdeler geldiler.

      Özboluşly ýadygärligiň sanawynda Perunyň “Älemgoşar” daglary, Filippindäki şokolad baýyrlary, Boliwiýadaky Uýuny şorlugy, Awstraliýadaky gülgüne derýa we beýlekiler hem bar.