logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi
  25.05.2026
371
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi

Paýtagtymyz Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde Arkalaşygyň ýurtlary bilen deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu syýasat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir.

 

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde syýasy, ykdysady, ulag-logistika, energetika, sanly özgertmeler, ekologiýa, medeniýet, ylym, sport we ýaşlar hyzmatdaşlygy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Şeýle-de, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini kämilleşdirmek hem-de sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.

 

“Garagum” myhmanhanasynda geçirilen mejlise GDA ýurtlarynyň wekiliýetleri gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny giňeltmek, söwda dolanyşygyny artdyrmak we sanly ykdysadyýeti ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika, energetika, senagat we sanly özgertmeler boýunça alyp barýan işleri ýokary baha eýe boldy. Şeýle-de 2027-nji ýylda Minsk şäheriniň, 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäheriniň “GDA-nyň ýaşlar paýtagty” diýlip yglan edilmegi baradaky çözgüt goldanyldy.

 

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Gatnaşyjylar Aşgabatda geçirilen duşuşygyň ýokary derejede guralandygyny nygtap, Türkmenistanyň GDA giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

 

Aýlar ANNAREJEPOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.