Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi geçirildi
  15.09.2025
3953
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döredijilik sergisi geçirildi

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda milli sungatymyzy ösdürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar.

 

2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk maslahaty mynasybetli «Garaşsyz Watanymyzda parahatçylygyň we Halk maslahatynyň rowaçlanmagy» atly döredijilik sergisi mugallymlaryň, talyplaryň hem-de myhmanlaryň gatnaşmaklarynda açyldy. Sergide şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlary boýunça görkezilen döredijilik eserlerinde ýurdumyzyň belent sepgitleri, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlary, asuda, parahat durmuşyň keşbi aýdyň şöhlelenýär.

 

Döredijilik eserlerinde «Garaşsyz Watanymyzda Parahatçylyk», «Asuda Watan», «Bagtyýar binýatly Türkmenistanym», «Parahatçylygyň waspy» atly  eserlerde gözel şaherimiziň ajaýyp keşbini, ýaşaýyş durmuşynyň parahatçylygyny, çagalaryň rahatlygyny, ak kepderiniň keşbini ussatlyk bilen şekillendirilýär. Her bir döredijilik eserlerindäki açyk reňkler şekiller bilen utgaşyp, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de «Dost-doganlyk mekany», «Asuda Watanyň durmuşy», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Bagtyýarlyk döwri» ýaly eserler dost-doganlyk döwletleriň sazlaşykly parahatçylygyny şekillendirýär. Türkmen gatnaşyklarynyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleri bar. Gadymy döwürlerden bäri hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň milli ruhy aýratynlygyny baglanyşdyrýan halklaryň hyzmatdaşlyklary häzirki döwürde hasam berkeýär. Bu gatnaşyklaryň maýasy ajaýyp döredijilik eserlerinde öz beýanyny tapýar.  

 

Döredijilik sergisi tomaşaçylara öz täsirini ýetirdi. Sergiň esasy maksady ýaşlarymyzyň döredijilik eserlerinde eziz Diýarymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etmek. Şeýle-de talyp ýaşlarymyzda ata Watanymyza bolan söýgini artdyrmak. 

Tawus GARAJAÝEWA,   
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri