Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy
  01.10.2021
328
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy

Garaşsyzlyk güni halkymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramydyr. Türkmenistan häzir parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde giňden tanalýan, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýan özbaşdak ýurtdur.

Her bir halkyň durmuşynda, hakykatdan-da, ykbal çözüji döwürler bolýar, şolar ýurduň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygynyň badalgasyna öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyzlyk ýolunda türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini jemläp, parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hakyky gülläp ösýän döwrüne öwrüldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ruhy, jemgyýetçilik-syýasy hem-de ykdysady ösüşi güýçli depginlere eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň täze keşbini bütin dünýä äşgär etdi. Jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täzeçil özgertmeleriň başyny başlan hem-de köpugurly işinde «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni esas edinen milli Liderimiz ýurdumyzy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýar.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Döwlet münberiniň toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu toplumda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ilkinji gezek dabaraly harby ýöriş geçirildi we geçirilýän esasy dabaralaryň ilkinji gezek merkezi boldy.

Dabaraly harby ýörişe ilki bilen harby gullukçylaryň nyzamly gadam urýan pyýada hatarlary, soňra bolsa harby enjamlaryň iň soňky nusgalary we türkmen goşunynyň tehniklary geçdi. Halkymyzyň parahat durmuşynyň we döredijilikli işiniň ygtybarly galkany bolan Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukybyny artdyrmak üçin, ähli tagallalary edilýär.

Döwlet münberiň öňünden geçýän esgerleriň we serkerdeleriň hereketleriniň nyzamlylygy we gözelligi, esger hatarlarynyň jebisligi buýsanç duýgusyny döredýär.

 Türkmen halky üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli bütiň adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!