logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
  23.09.2025
2187
Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat

Türkmen oba hojalyk institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli giň gerimli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata professor-mugallymlar, aspirantlar, hünärmenler we talyplar gatnaşdy.

 

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem adalatly ýolbaşçylygynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň gözümiziň göreji deýin goralyşyny, onuň sazlaşykly we döredijilikli ösdürilişi baradaky buýsançlaryny beýan etdiler.

 

Halkymyzyň agzybirligi, ruhubelentligi we döredijilik ruhy Garaşsyzlygymyzyň berýän beýik güýjüniň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň milli däpleriniň, baýramçylyk dabaralarynyň Garaşsyzlyk döwründe täze durmuşymyza bagtyýarlyk ruhuny getirýändigi bellenildi.

 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýan döwründe bagtyýar talyp ýaşlara ýokary hilli bilim bermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar.

 

Döwran TAÝTAKOW, 

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 1-nji talyby.