logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Society /Garaşsyzlygyň gymmaty
  21.09.2026
29
Garaşsyzlygyň gymmaty

Garaşsyzlyk sözi syýasy-ykdysadyýeti, ylym-bilimi, medeniýeti, taryhy we başga-da juda kän manyny özünde jemleýän köpugurly ylmy adalga bolsa, başga bir tarapdan, şu dünýä gelmegiň we ýaşamagyň sebäbine düşünmäge ýardam edýän jadyly söze öwrüldi. Şonuň üçin Milli Liderimiz Garaşsyzlyk düşünjesi bilen bagly bolan gymmatlyklarymyza, onuň ýüze çykmagyna sebäp bolýan esaslara ünsi çekip, bu mukaddes sözüň jemgyýetçilik ähmiýetini nygtady. «Häzirki taryhy pursatlarda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary barada ýatlamak ýakymly. Dogrusy, bu mukaddeslik barada hemişe pikir etmeli, oňa hemişe guwanmaly we ol hakyndaky päkize duýgy-düşünjeleri hemişe aňyňda hem ýüregiňde göterip gezmeli. Sebäbi biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyz durandyr. Şonsuz biziň öňe gitmegimiz mümkin bolmazdy».

 

Alym Arkadagymyz Garaşsyzlygy nesilleri baglanyşdyrýan taryhy sapak hasaplamak bilen, ata-babalarymyzyň bitiren işlerini we häzirki nesliň öňünde durýan wezipeleri ör-boýuna galdyrýar. Şeýle etmek bilen, Garaşsyzlyk sözüniň taryhy we jemgyýetçilik ähmiýetini beýgeldýär.

 

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Jan Watanym Türkmenistan!» atly täze goşgulary bolsa mukaddes Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň döwletlilik, ynsanperwerlik, parahatçylyksöýüjilik ýörelgeleriniň şygyr dilindäki kämil beýanydyr.

 

Nurgeldi ATAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.