logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
  14.05.2022
1416
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda welaýatyň dürli ýerinden bagtyýar çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz bäsleşiginiň welaýat tapgyryna gatnaşyjy zehinli çagalar we döredijilik toparlary gezekli-gezegine sahna çykyp, mahmal owazly, belent mukamly joşgunly aýdym-sazlary, tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler, zehin başarnygyny görkezdiler. Çagalaryň sungat baýramçylygyna öwrülen aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenip, olara ýörite taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.