Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylar, tansçylar, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdy. Çäre Garaşsyzlyk binasyna gül desseleriniň goýulmagy bilen başlanyp, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi.
Jemleýji konsertde gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli aýdym-saz mirasyny, Watanyň taryhyny, tebigatyny we häzirki durmuşyny wasp edýän aýdym-saz we tans eserlerini ýerine ýetirdiler. Maksatnamada halk we estrada aýdymlary bilen birlikde, milli aýdym-saz medeniýetiniň dürli ugurlaryny görkezýän eserler hem orun aldy.
Bäsleşigiň dowamynda eminler gatnaşyjylaryň çykyşlaryna baha berip, iň zehinli ýaşlary kesgitlediler. Ýeňijilere diplomlar we döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar berildi.
Çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwalynyň bir bölegi bolup, ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge we milli aýdym-saz sungatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirildi.
Gulşirin OTYZBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň
4-nji ýyl talyby.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry