logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti
  30.09.2026
19
Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty halkymyzyň agzybirliginiň, bir jan, bir tenliginiň beýik Watana bolan söýgüsinde jemlenýänligindedir. Ata Watana bolan beýik söýgi öz başlangyjyny Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşasyn, jan Watanym Türkmenistan!» diýen mukaddes sözlerinden alyp gaýdýar. Bu jümle indi her bir türkmeniň ýaşaýşa bolan söýgüsine, ajaýyp ertirlere bolan çagyryşyna öwrülip, ähli kişiniň dilinde ýaňlanýar. Bu sözüň gudraty bilen uly dünýäniň bir bölegi bolan ata Watanymyzyň zähmetsöýer halky ululara hormat goýup, ýaş nesillerini watançylyk, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýeläp, toýlardan toýa alyp barýar.

 

Garaşsyzlygyň her bir güni, her bir pursady şanly wakalara beslenip, Watanymyzyň ösüşleriniň ýyl ýazgysyny altyn harplar bilen bezeýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ösüşler-özgerişler, amala aşyrylan beýik-beýik maksatlar, il-ýurt bähbidi üçin gurlan we gurulýan durmuş-maksatly binalar Garaşsyzlygyň bize beren bagtyýarlygydyr.

 

Garaşsyzlyk — Diýarymyzyň Baş baýramy bolup, ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinliginiň wysalydyr. Parahatçylyk, ynanyşmak, ysnyşmak, ykdysady hyzmatdaşlyk arkaly adamzat siwilizasiýasynyň ösmegidir.

 

Bu toý il-halkymyz üçin hem, Watanymyz üçin hem iň mukaddes toýlaryň, baş baýramlaryň biridir. Halkymyz indi ençeme ýyl bäri Garaşsyzlyk bossanyna eýlenen aýdyň säherlerini, asuda asmanymyzda her sabada tyllaýy nuruny äleme saçyp dogýan Gün şuglasyny uly buýsanç, ýagşy niýet, arassa, halal doga-dilegleri bilen garşy alýar. Sebäbi Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen ýurdumyz syýasy, ykdysady taýdan özbaşdaklygyny aldy. Garaşsyzlyk halkymyza syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ruhy ulgamlarda görlüp-eşidilmedik ösüş-özgerişleriň badalga almagyna itergi berdi.

 

Mekan AZADOW,

                                                      Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.