logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Garaşsyzlyk baýramçylygy!
  27.09.2020
908
Garaşsyzlyk baýramçylygy!

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky toý-baýramlary uly dabara bilen belläp geçýär. Türkmeniň esasy milli baýramlarynyň biri-de sanlyja günlerden ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen özbaşdak ösüş ýoluna düşenimize 29 ýyl boldy. Elbetde, bu döwür goja taryh üçin uzak sene däl. Ýöne şu sanlyja ýylyň dowamynda hem Türkmenistan Diýarymyzda asyrlara barabar, heňňamlar bilen heňdeş ägirt uly işler, özgertmeler amala aşyryldy. Şol özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde hem türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi düýpli özgerdi. Garaşsyzlyk berkararlygymyzyň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Bu baýram öz ygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi we milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň edermen halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli taryhy waka bolup durýar. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklaryň, şeýle hem asylly ynsanperwerlik dessurlarynyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Ata Watanymyzyň iň täze taryhy, häzirki ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Şoňa görä-de, biz bu baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ruhuny beýan edýän hem-de ýokary ösüşlere, uly üstünliklere we belent maksatlara galkyndyrýan milli baýram hökmünde buýsanç bilen belleýäris.