logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli täze seýligäh açylyp ulanylmaga berildi
  15.09.2025
3629
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli täze seýligäh açylyp ulanylmaga berildi

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri çäklerinde paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu waka diňe bir baýramçylyk çäreleriniň bir bölegi däl, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik infrastrukturasynyň ösüşini görkezýän möhüm taslamanyň amala aşyrylmagydyr.


Täze seýilgäh, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edildi. Bu ýerde çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ýörite meýdançalar, gök meýdanlar, güller we dürli baglar döredilip, ajaýyp sazlaşyk emele getirildi. Şeýle hem welosiped ýodalary, dynç alyş bassyrmalary, sport we oýun meýdançalary bilen raýatlaryň ähli ýaşdaky toparlarynyň medeniýetli we sagdyn dynç alyşlaryny üpjün etmek üçin mümkinçilikler döredildi.


Açylyş dabarasyna ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş nesil we çagalar gatnaşdy. Dabaranyň çäklerinde çagalaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, gurjak teatrynyň sahna görkezmeleri we medeniýet işgärleriniň çykyşlary bilen baýramçylyk dabarasy giň gerime eýe boldy. Şeýle hem döredijilik we sport bäsleşikleriniň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, bu bolsa seýilgähde dynç alýanlaryň arasynda aýratyn höwes döretdi.