logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk - beýik arzuwlaryň hasyl bolmagy
  24.09.2023
1530
Garaşsyzlyk - beýik arzuwlaryň hasyl bolmagy

Garaşsyzlyk – türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Ine, bu ýyl şol nurly daňyň atyp, bagt güneşiniň dogup, il-günüň kalbyna, ýoluna, ykbalyna nur çaýyp gelýänine otuz iki ýyl dolýar. Bu ýyllaryň içinde türkmen milleti ata-babalaryndan geçen kämil paýhasy, milli edim-gylymlary bilen şöhratlanyp, Ýer ýüzünde dünýä nusgalyk döwlete öwrüldi.

Türkmen «döwletlilik» sözüne aýratyn sarpa goýýar. Bu düşünje erkinligi, abadançylygy, rysgal-bereketliligi, maddy hem ruhy bagtyýarlygy öz içine alýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmeniň döwletliligi has-da artdy. Garaşsyzlyk halkymyzyň ruhy dünýäsini, dilini, medeniýetini, sungatyny milliligiň röwşen hem nurly ýoluna gönükdirdi.

Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.

«Garaşsyzlyk» sözüniň aňyrsynda uly many ýatyr. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk, doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes Watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Häzirki wagtda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda uludan bellenýär. Ösüşlerden-ösüşlere beslenýän ýurdumyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ähli ulgamlarda üstünliklere ýetdi. Ak menzillerde bagtly ýollary döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň. Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Bibi ALLANAZAROWA,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Halk maslahatynyň agzasy.