logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — döwletimiziň berk binýady
  29.09.2025
557
Garaşsyzlyk — döwletimiziň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Konstitusiýa we hereket edýän kanunlar esasynda adam hukuklary ygtybarly goralýar, demokratiýanyň, hukuk döwletiniň we dünýewiligiň esaslary has-da berkleşdirilýär. Häzirki wagtda ýurt giň möçberli özgertmeleriň ýoluny tutýar.

 

34 ýyl mundan ozal türkmen halkynyň gadymdan bäri arzuwlan erk-islegi hasyl bolup, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi we ýurdumyz garaşsyz döwlet hökmünde yglan edildi. Şondan bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlere beslenýär, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi esaslary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda geçirilen konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramaga we halky döwlet işlerine işjeň çekmäge uly mümkinçilik döretdi. Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

 

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny halkyň erk-islegine laýyklykda gurap bildi. Onuň başlatan giň gerimli özgertmeleri dünýäde giňden ykrar edildi we onuň pähim-paýhasyny, öňdengörüjiligini görkezdi. Türkmenistanyň senagat taýdan ösmegi, tebigy baýlyklary daşary bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek, kosmosa çykmak ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylmagy, obalaryň we şäherleriň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülmegi, Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli aladalarynyň netijesidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz bu başlangyçlary üstünlikli dowam etdirýär.

 

Aýgül GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutunyň
Türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.