logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Garaşsyzlyk — döwletimiziň ösüşiniň ýolbeledi
  14.09.2025
3103
Garaşsyzlyk — döwletimiziň ösüşiniň ýolbeledi

Eziz Diýarymyz ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyny uly üstünlikler bilen garşy alýar. 1991-nji ýylda halkymyzyň arzuwlarynyň amala aşmagy bilen gazanylan mukaddes Garaşsyzlygymyz, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady ösüşiniň täze döwrüni açdy we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm üýtgeşmeleriň başlanmagyna ýol açdy.


Şeýle şanly wakalaryň biri hem paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy. Bu seýilgähiň ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda uly sowgat boldy. Bu täze seýilgähde oýun we sport meýdançalary, welosiped ýollary, dynç alyş zolaglary, gök meýdanlar we agaçly meýdançalar döredildi. Bu seýilgäh diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, çagalaryň döredijilikli we fiziki ösüşine, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine goşant goşýar.


Şeýlelikde, Garaşsyzlyk diňe bir taryhy waka däl, eýsem, jemgyýetimiziň durmuşynda, şäher we oba desgalarynyň ösüşinde, ýaş nesilleriň bilim we sagdyn terbiýesinde hem öz beýanyny tapýar.

Ýazgül ALLANAZAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň III ýyl talyby.