logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy
  23.09.2025
2535
Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyzda her bir gün taryhy ähmiýetli wakalar bilen bezelýär we bu wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Şeýle bagtyýar döwürde ýaşaýan halkymyz agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar.

 

Garaşsyzlyk — ata-babalarymyzyň gadymdan bäri arzuw eden özbaşdak döwletli bolmak isleginiň hasyl bolmagy, milli we ruhy gymmatlyklarymyzyň, ynsanperwer däplerimiziň dikeldilmegi üçin giň mümkinçilik açdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň mizemezligi döwlet bilen halkyň jebisliginden gözbaş alýar. Türkmenistan ykdysadyýetde, bilimde, medeniýetde, ylymda we sportda taryhy ösüşlere eýe bolup, Garaşsyzlyk ýolunda öňe barýar. Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk toýy ýurdumyzda durnukly ösüşiň, sebit we dünýä derejesindäki işlere işjeň gatnaşmagyň, uly ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikleriň döremegi bilen belleýär.

 

Halkymyz Garaşsyzlygyň sahypasynda öz geljegini döredýär, halal zähmeti bilen ata topragyny gülläp ösýän mekana öwürýär. Ýetilen sepgitler buýsanç döredýär we täze üstünliklere ynam berýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň halkara derejesinde parahatçylykly başlangyçlary, ählumumy howpsuzlygy we deňhukukly hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tagallalary giň goldawa eýe bolýar. Bilim we ylym ösüşleriniň esasynda harby gullukçylaryň hünär derejesi ýokarlanýar, ýaş esgerler Watana wepalylyk ruhunda terbiýelenýär.

 

Ýurdumyz Garaşsyzlyk baýramyny giňden belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk Türkmenistan Watanymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy, mertebämizi äleme ýaýdy» diýen sözlerine laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» ýurdumyz Garaşsyzlyk ýolundaky täze üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri bolsa hemişe rowaç bolsun!

 

Ýazbibi AKYMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi.