logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /«Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
  23.09.2025
2260
«Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp “Garaşsyzlyk – ösüşleriň, özgerişleriň çeşmesidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çärä institutyň professor-mugallymlary, alymlar, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdy.

 

Maslahat umumy mejlis bilen başlanyp, soňra 5 bölümçede dowam etdirildi. Olaryň dowamynda 100-den gowrak ylmy çykyş diňlenildi.

 

Maslahatyň çäginde institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi.

 

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Hekimberdi PYGYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.