Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Garaşsyzlyk Türkmeniň buýsançly bagtydyr
  22.09.2021
427
Garaşsyzlyk Türkmeniň buýsançly bagtydyr

Ýurt parahatçylygynyň, il abatlygynyň hatyrasyna durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri, halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlaryň netijesinde, bu gün eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty has-da ýokarlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ulgamlar boýunça ýokary sepgitlere ýetdi. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ýüreklerinde arzuwlan we uzak garaşan döwlet Garaşsyzlygymyzyň netijesi, onuň türkmen halkyna beren peşgeşidir.

Garaşsyzlyk türkmeniň buýsançly bagtydyr. Ýurdumyz özbaşdaklyk ýoluna düşen ilkinji gününden başlap, halkymyzyň taryhy tejribesinde toplanan parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, dostlukly gatnaşyklara eýerýän goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, döwlet syýasatynyň binýadyny goýdy. Netijede, Garaşsyz Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp barmak bilen, halk hojalyk pudagyny düýpli özgertmäge hem-de dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady. Watanymyz bu günki gün dünýäniň halkara syýasy giňişliginde özüniň ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylýar. Döwletimiziň şeýle teklipleriniň birine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlar babatda uly ösüşleri gazanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da berkeýär, durmuş pudaklarynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli işler amala aşyrylýar, daşary syýasatda ýokary sepgitlere ýetilýär.   Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.