logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty
  20.09.2026
18
Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty

Garaşsyzlyk her bir döwlet üçin diňe bir syýasy özbaşdaklygy aňlatman, eýsem, halkyň taryhy ýoluny, milli buýsanjyny, mertebesini hem-de geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän möhüm gymmatlykdyr. Garaşsyz Türkmenistan özygtyýarlylygyny gazanan gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlarda uly üstünliklere eýe boldy. Şol ösüşleriň netijesinde ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny tapdy. Türkmenistanyň ösüş ýolunda gazanýan her bir üstünliginiň düýbünde milli Garaşsyzlygymyzyň beren giň mümkinçilikleri dur.

 

Garaşsyzlygy Watanyň beýik ganatyna deňemek bolar. Sebäbi hut Garaşsyzlyk ýurdumyzyň özbaşdak ösüş ýoluny saýlap almagyna, halkara giňişliginde parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdary hökmünde çykyş etmegine mümkinçilik berdi. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoly döwletimiziň geljeginiň berk binýadyny kemala getirýär.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dürli ugurlarda gazanylýan belent sepgitler milli Garaşsyzlygymyzyň netijesinde döredilen mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Ykdysady binýadyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, medeniýetiň ösdürilmegi, sportuň dürli görnüşleriniň giňden goldanylmagy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şol bir wagtyň özünde, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Garaşsyz Watanymyzyň geljegine goýulýan uly maýa goýumdyr.

 

Häzirki döwürde milli gymmatlyklarymyzy, baý taryhy-medeni mirasymyzy dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak boýunça hem köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döredijilik we bilim mümkinçilikleriniň artmagy, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de dürli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ösüş ýolunyň täze tapgyra çykmagyna ýardam berýär. Halkymyzyň milli buýsanjy, zähmetsöýerligi we ýagty geljege bolan ynamy ýurdumyzyň kuwwatynyň barha artmagyna esas döredýär.

 

Garaşsyzlyk bize diňe bir geçmişimize buýsanyp ýaşamak mümkinçiligini däl, eýsem, geljegimizi gurmak hukugyny hem berdi. Ol milli döwletliligimizi, halkymyzyň bitewüligini we Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän esasy gymmatlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem Garaşsyzlyk Watanymyzyň ýoluny ýagtyldýan, täze üstünliklere ruhlandyrýan beýik çyragdyr.

 

Netijede, Garaşsyzlyk Türkmenistanyň geçen taryhy ýolunyň aýdyň beýany bolmak bilen birlikde, onuň geljekki ösüşleriniň hem ygtybarly binýadydyr. Milli bähbitleri, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini we dost-doganlyk gatnaşyklaryny ileri tutýan Türkmenistan Garaşsyzlygyň beren giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar. Watanymyzyň beýik ganaty bolan Garaşsyzlyk halkymyzyň bagtyýar geljegine barýan ýoluny has-da aýdyňlaşdyrýar.

 

Arslan RAHYMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.