Häzirki zaman jemgyýetiň köpçülikleýin habar serişdeleri, esasan hem teleýaýlym ulgamy diňe bir gündelik maglumatlary ýaýratmagyň guraly bolman, eýsem, halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, medeni mirasyny we döwletlilik binýadyny berkidýän esasy jemgyýetçilik mehanizmidir.
XXI asyrda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň amala aşyrýan hyzmaty milli aňyýeti ösdürmek we jemgyýetçilik ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemek bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen, milli teležurnalistikamyz özüniň ösüş ýolunda hil taýdan bütinleý täze basgançaga geçdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen teležurnalistikasynda gepleşikleriň beýan ediliş aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek esasy meseleleriň biridir. Amala aşyrylan düýpli özgerişler diňe bir gepleşikleriň sanynyň ýa-da ýaýlym sagatlarynyň artmagy bilen däl, eýsem, maglumatyň mazmunynda, dilde, žanrynda, diktorlyk sungatynda we tehnologik tärlerde öz beýanyny tapdy. Teleýaýlym milli medeni mirasy dikeltmegiň, taryhy hakykaty halka ýetirmegiň hem-de ýurduň gazanan ykdysady-sosial üstünliklerini dünýä äşgär etmegiň baş şertine öwrüldi.
Akgül ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.