Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Garawul-depe ýadygärligi
  18.10.2021
589
Garawul-depe ýadygärligi

Türkmen halkynyň şan-şöhratly baý taryhyny, gymmatly mirasyny, medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dikeltmek hem-de gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar, şol sanda Türkmenistan döwletimiziň çäginde ýerleşýän taryhda öçmejek yz galdyran şäherdir, galalaryň, arheologik hem-de arhitektura gadymy medeni ýadygärlikleriniň birnäçesi ýerleşýär. Şeýle ýadygärlikleriň biride öz gözbaşyny müňýyllylaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Ahal welaýatynyň Gökdepe  etrabynyň çäginde ýerleşýän Garawul-depe ýadygärligidir.

Garawul-depe ýadygärligi Akgoňur obasynyň gündogar-günorta tarapynda ýerleşýär. Öz döwründe uly dörtburç şäher bolup 250 m töweregi uzynlykda bolupdyr. Garawul-depe ýadygärligi (Antik döwri) biziň eramyzyň III-VII asyryň ortalary, X-XVII- nji asyrlara degişli. III-VII asyrlar Antik döwri öz içine alýar. Ol döwürlerde medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän döwri bolupdyr. Ol döwürlerde degişli keramika gap-gaçlar, möhürler tapylypdyr. X-XVII- nji asyrlardaky tapawutlylyk tarapy orta asyrlar diýip atlandyrylýar. Ýasalan keramika gap-gaçlar has-da kämilleşýär, binagärlik ösýär. Ýadygärligiň tutýan meýdany Günortadan-Demirgazyga 100-110 m. Gündogardan-günbatara 80-90 m takmynan beýikligi 9-10 m töweregi. Diwarlary pagsadan bolupdyr. Häzirki döwürde ýadygärlik kiçelen ýagdaýynda-da tutýan meýdany 250- 200 m töweregi, göräýmäge bu ýadygärlik togalak görnüşli bolup, demirgazyk-gündogar tarapynyň beýikligi 18 metr töweregi bolup, günorta tarapy ýumurlypdyr. Garawul-depe yadygärligi köp gatly bolup, başdaky görnüşinden üýtgäpdir. B.e. öň I müňýyllygyň ortalary, b.e. XV asyryna çenli aralyk şäherçäniň töweregi ekerançylyk üçin  ulanylypdyr. Ýadygärligi 1947-nji ýylda B.A. Litwinskiý,1950-nji ýylda S.A.Ýerşow we 1967-nji ýylda A.Gubaýew we G.A Koşelenko, 1970-nji ýylda W.N.Pilipko tarapyndan barlanyldydy.