logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /GARPYZ – TOMSUŇ ÝARAŞYGY
  22.07.2022
1153
GARPYZ – TOMSUŇ ÝARAŞYGY

    Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan  saglygyny goramakda örän wajypdyr. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär. Düzüminiň 90 göteriminden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsüminde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz – B, C, E, P witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demiriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bardyr. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Magniý – garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.
    Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar.