logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Garynjalar peşewiň ysy bilen rak keselini anyklap bilýärler!
  27.01.2023
1278
Garynjalar peşewiň ysy bilen rak keselini anyklap bilýärler!

Fransuz alymlary garynjalaryň adamlaryň peşewindäki düwnük ysyny anyklap biljekdigini mälim edýärler.

Mundan birnäçe wagt öň käbir rak keseliniň peşewiň ysyny üýtgedýändiginiň üsti açylypdy. Ýöne hünärmenler garynjalaryň bu ukybynyň bardygyny ilkinji gezek mälim etdiler.

Gözlegler Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän Sorbonne Paris Nord uniwersitetinde geçirildi. Gözleg dolulygyna «Biological Sciences» žurnalynda neşir edildi.

Gözlege gatnaşan hünärmenler, garynjalaryň peşewden rak keselini anyklamagynyň sebäbini bu jandarlaryň örän duýgur olfabrika ulgamynyň bolmagy bilen düşündirýärler.