logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Gatorland seýilgähi 2024-nji ýylda seýrek duş gelýän ak alligatory görkezer
  11.12.2023
702
Gatorland seýilgähi 2024-nji ýylda seýrek duş gelýän ak alligatory görkezer

Gatorland seýilgähi üýtgeşik bir “eksponata” eýe boldy. Seýilgäh örän seýrek duş gelýän ak alligatory görkezdi.

 

 

Ol adamyň hossarlygynda dünýä inen ilkinji alligator boldy. Bu kiçijik täsinlik indi dünýädäki beýleki ýedi aýratynlyga goşulmak bilen, saýlama toparyň düzümine girdi. Gatorland seýilgähiniň prezidenti we baş müdiri Mark Makhýu bu dünýä inen “örän seýrek” we “örän täsin” jandar diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň kadaly reňkli erkek doganynyň agramlary 96 gram we boýlary 100 sm-den pesräkdir.

 

 

Öz albinos kärdeşlerinden tapawutlylykda, bu alligatorlar haýran galdyryjy gök gözleri bilen tomaşaçyny özüne çekýärler we seýligähe gelen myhmanlar ýakyn wagtda olary ýakyndan görüp bilerler. Olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi 2024-nji ýylda bolar, häzirlikçe bolsa olar weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar. Bu alligator dünýä tasinligine giren dünýäde täsin haýwanlaryň biri hasaplanýar.

 

Käneň Hudaýnazarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.