logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Gawun - bakjalaryň "şasy"
  31.03.2024
848
Gawun - bakjalaryň "şasy"

Alym Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly iki jiltden ybarat kitabynda mukaddes topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen türkmen gawunlaryna degişli giňişleýin maglumatlar berilýer. Gawunlary ýetişdirmegiň usullary, gawunlaryň dürli görnüşleri, olardan örän süýji nygmatlaryň: kakyň, söküň, toşabyň taýýarlanyşy, adam saglygyna peýdasy we keselleri bejermekdki ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär. Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawunyň himiki düzümi: 91,5% suw, 6,35% uglewod, 0,84% azotly madda, 1,14% ýag, 0,33% kletçatkadan ybaratdyr. Bulardan başga-da. Gawun adam bedenine gerek peýdaly element bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demiri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr. Şolar ýaly gawun öz düzüminde 4,5-18% şeker saklap, onuň 1 kilogramynda 240 kilokaloriýa emele gelýär. Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, ijan, marmelad, mürepbe, doňdurma, powidlo, marinad, şerbet, şire, jem, kofitýur, krem ýaly azyk önümleri ýasalýar.

 

Gawunyň bejerijilik hsiýeti barada Abu Aly Ibn Sinanyň, Muhammet Huseýniň we beýleki alymlaryň işlerinde giňden bellenilýär. Gawun ganazlykda, ateroskleroz keselinde, ýürek-damar kesellerinde we nerw ulgamy kesellerinde hem-de bagyr we böwrek kesellerinde örän ňeýdalydyr. Şeýle-de bolsa gawuny: süýji diabet keselliler, iýmit siňdiriş ulgamy (aşgazan, içege) keselli adamlar ulanmazdan öň lukmanlar bilen maslahatlaşmalydyrlar. Şonuň ýaly-da gawunyň ýany bilen sowuk suwlary, süýt önümlerini (süt, gatyk, çal) iýip-içmek maslaht berilmeýär.

 

Häzirki döwürde gawun kosmetikada, farmoseftikada, dürli boýaglary öndürmekde giňden ulanylýar.

 

Merjen ÇARYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.