logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Gawunyň we garpyzyň gowusyny nädip saýlamaly?
  10.06.2023
2459
Gawunyň we garpyzyň gowusyny nädip saýlamaly?

Gawunyň we garpyzyň gowusyny saýlamagyň birnäçe ýönekeý usuly bar. Geliň, süýji gawunlary we garpyzlary nädip saýlamaly öwreneliň!

Baldagyna (Sapyna) serediň!
 

Garpyz ýa-da gawun saýlanyňyzda, onuň baldagyna seredip, onuň terligini bilip bilersiňiz. Eger garpyz baldaklarynyň reňki ýaşyl bolsa onda ol ýaňy ýyglandygyny habar berýär. Eger goňur we gury baldagy bar bolsa, onuň has öň ýygnalandygyny aýtmak bolar. Täze, ter we bişen gawun ýa-da garpyz saýlamak isleseňiz, ýaşyl baldagy bolanlary saýlaň! 

Agyrlygy 

Bişen garpyz göwrümine görä agyr bolýar. Şireli garpyz ýa-da gawun has agyr bolýar. Şonuň üçin garpyzy eliňizde göterip görüň, şonda onuň şireli we bişendigine göz ýetirip bilersiňiz! 

Sesini diňläň! 

Garpyzy ýa-da gawuny eliňiz bilen göterip ony gysyp, eliňiz bilen urup görüň. Miwe bişen bolsa, içi boş ýaly çuň ses berýär. Bu miwäniň hem suwly, hem bişendigini görkezýär. Şeýle hem gawun saýlanyňyzda, baş bölegini (baldak däl-de beýleki tarapy) ysgap görüň. Eger ýakymly ysy bar bolsa onda ol gawun bişipdir, has şekerli ys bar bolsa, gawunyň bişip möhleti geçipdir. 

Daşynyň (gabygynyň) reňki 

Garpyzy ýa-da gawuny gözden geçireniňizde, onuň reňkiniň janlydygyna göz ýetiriň. Garpyzlaryň açyk zolaklary we goýy ýaşyl gabygy bolmaly. Beýleki tarapdan gawunlaryň ýaşyl ýa-da goýy sarymtyl reňkleri bolmaly. Şeýle hem, gawun biraz ýumşak bolsa onda bu gawunlaryň bişendigini aňladýar. 

 

Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.