logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /«Gaýnaýan» derýa – tebigatyň täsinligi
  25.05.2023
625
«Gaýnaýan» derýa – tebigatyň täsinligi

Gaýnap durana çalymdaş, bugarýan derýa tebigatyň özboluşly täsinligi bolup, ol alymlaryň entek düşündirip bilmedik hakykatdanam täsin tebigy hadysasydyr. Hakykatdanam, derýanyň suwunyň näme sebäpden suwuň gaýnap durandygyna düşünmek kyn. Mundan başga-da, suw howdanyndaky suwuň temperaturasyna täsir edip biljek wulkan hem ýok. Alymlaryň tassyklaýan maglumatlaryna esaslanyp, bu ajaýyp derýa hakda käbir zatlary aýtmak bolar:

Bu derýa Perunyň Puerto-Inka sebitinde ýerleşýär. Uzynlygy bary-ýogy 6,4 kilometre deň, ol Amazonka derýasyna, soňra bolsa onuň bilen birlikde Atlantik ummanyna akýar.

Derýanyň käbir bölümlerinde bu ýerdäki temperatura gaty deň däl ýagdaýda paýlanýar, hatda +95 ... +97 gradusa çenli hem gyzýar, bu bolsa şol töweregiň jandarlary üçin örän howly ýagdaýy döredýär.

Bu ýerdäki ýer tekizligi çylşyrymly, şonuň üçin beýik belentlik üýtgemeleri bar. Şonuň netijesinde hem bu ýerde 6 metr beýiklikdäki şarlawuk emele gelipdir.

Bu ýerde suwuň gaýnamagynyň sebäbiniň iň ýönekeý düşündirişi wulkan işjeňligi diýlip öňe sürülýär. Ýöne bu ýere iň ýakyn wulkan 700 km uzaklykda ýerleşýär, bu bolsa wulkanyň derýa täsir edip bilmejekdigini aňladýar. 

Derýa hakda rowaýatlar hem bar! 

Derýanyň ilkinji gezek ýüze çykarylyşy XVI asyryň başlaryna degişlidir. Ol Fransisko Pissarro bilen Günorta Amerika gelen basybalyjylara degişlidir. Rowaýata görä, olar Altyndan gurlan tutuş bir şäher (rowaýata öwrülen Eldorado) hakda ýerli ýaşaýjylardan eşidip, ony tapmak we ömrüniň ahyryna rahat ýaşamak umydy bilen iň gür jeňňele gidipdirler. Emma ondan az adam yzyna gaýdyp gelipdir. Bu derýanyň şol ýerde ýerleşendigi beýan edilýär. Gaýnap duran derýanyň rowaýatlary geofizik Andres Ruzo tarapyndan hem ýazylypdyr.

Derýadaky suw tutuş uzynlygynda gaýnaýar diýilse ýalňyş bolar. Geotermiki suw çeşmeleri biziň dünýämizde seýrek däl. Derýanyň suwunyň üstki böleginiň temperaturasy +28 dereje, ýöne aşak böleginden ölçeg alyp barlansa ol has uly görkezijä eýe. Çeşmeden bir kilometr uzaklykda suw birden +70 dereje gyzýar we birnäçe ýüz metrden soň +40-dan aşak düşýär. Ikinji üýtgeme birinjiden takmynan 800 metr soň başlanýar, bu ýerde suw iň ýokary temperaturasyna ýetýär, ýagny +95 ... +97 derejä çenli gyzýar. Soňra birneme peselmeler bolýar, ýöne temperatura bu bellikden ýokary galmaýar. 

 

Aýsoltan ORUNOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary 
(oba hojalygynda) taýýarlyk 
ugrunyň 2-nji ýyl talyby.