logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi
  01.03.2023
1161
Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi

Gazagystan 22-nji fewraldan Türkmenistan bilen serhedindäki Temir-Baba barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizdi. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Gazak-hytaý serhedindäki birnäçe barlag nokatlarynda 2022-nji ýylyň 23-nji noýabryndan «CarGoRuqsat» elektron nobat hyzmaty girizildi. Elektron nobat hyzmaty «Qoldau.kz» sanly platformasynda ulanyjylar üçin tölegsizdir. «CarGoRuqsat» elektron nobat hyzmaty ýük daşaýjylara nobaty öňünden bellemäge mümkinçilik berýär we bu nobat hemmeler üçin elýeterlidir.

Elektron nobat ulgamynyň maksady ýük awtoulaglary üçin serhet geçelgesini çaltlaşdyrmak bolup, ýük daşaýjylar öňünden nobat bellemek arkaly gözegçilikden geçip bilerler. Bu ulgam salgyt bergileri, ýol tölegleri, ýük awtoulaglarynyň we tirkegleriniň hasaba alynmagy üçin arza berijini barlaýar we serhetdäki nobaty bikanun dolandyrmak howpuny aradan aýyrýar.

Gazagystan bu ulgamy gazak-özbek serhedinde ýerleşýän Mangistau welaýatyndaky Tažen barlag nokadyna hem ýerleşdirdi. Elektron nobat ulgamy Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň «Maglumat we buhgalteriýa merkezi» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan döredildi. Häzirki wagta çenli bu ulgamda takmynan 7,5 müň ulanyjy hasaba alyndy we olar 84 müň sany öňünden nobat bellemek amallaryny amala aşyrdylar.

Elektron nobat hyzmaty yzygiderli ösdürilýär we kämilleşdirilýär. Ýakyn wagtda bu ulgama «Face ID»-niň üsti bilen, şeýle hem daşary ýurt raýatlary üçin bank karty arkaly şahsyýeti tassyklamak hyzmaty giriziler. 

 

Öwezmyrat GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.