logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Gazagystan Türkmenistana unuň eksportyny ýokarlandyrdy
  19.11.2022
1010
Gazagystan Türkmenistana unuň eksportyny ýokarlandyrdy

Şu ýylyň 8 aýynda Gazagystan Türkmenistana un eksportyny pul nukdaýnazaryndan, takmynan, 2 esse ýokarlandyrdy. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi habar berýär.

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary boýunça Gazagystan 1,08 million tonna un eksport etdi. Şunuň bilen birlikde bu önümiň ortaça eksport bahasy hem 273 dollardan 392 dollara çenli ýokarlandy.

Degişli döwürde Gazagystandan - Türkmenistana 27,72 müň tonna gazak uny (11,07 million dollarlyk) eksport edildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründe 18,6 müň tonna we 6,33 million dollara barabardyr. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana bir tonna unuň ortaça eksport bahasy 399 dollar boldy.