Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Gazagystanda 3 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar
  17.03.2024
272
Gazagystanda 3 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gazagystanyň “Kazinform” resmi habarlar gullugynyň habarçysy Danira Iskakowa bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligiň barşynda türkmen ilçisi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ynsanperwer gatnaşyklary barada gürrüň berdi.

 

Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, ylym, medeniýet we döredijilik alyş-çalşyklary babarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini belledi.

 

– iki ýurduň ylym jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokayr okuw mekdepleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Türkmen ýaşlary üçin Gazagystan Respublikasy bilim almak üçin iň gowy ýurtlaryň biri boldy. Häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 3 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar – diýip, ilçi söhbetdeşlikde belläp geçdi.

 

Ilçi Türkmenistanda hem dürli ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlardan köp sanly talyplaryň bilim alyp, öz ýurdunyň ykdysady pudaklarynda zähmet çekýändigini belledi. Türkmenistan özüniň ýokayr okuw mekdeplerinde daşary ýurt talyplaryny kabul etmäge hemişe taýýardygyny bellän ilçi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadygynyň örän gowudygyny, şeýle hem köp sanly uniwersitetlerdir institutlaryň agramly böleginiň garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup, öňdebayrjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny mälim etdi.

 

Bu ugurda goňşy Owganystan bilen oňat tejribäniň gazanylandygy, Türkmenistanyň owgan talyplaryna bilim almak üçin mümkinçilikleriň, hususan-da olara mugt tehniki bilim, ýaşaýyş jaýy hem-de talyp haky bilen üpjün edýändigini aýtdy.

 

Aýnäzik HYDYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.