logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Gazagystanda geçirilen Halkara sergä Türkmenistanly wekiliýet hem gatnaşdy
  22.03.2022
912
Gazagystanda geçirilen Halkara sergä Türkmenistanly wekiliýet hem gatnaşdy

Ýakynda, Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny özünde jemlän «AgriTek/FarmTek Astana-2022» Halkara sergisi geçirildi. Bu Halkara sergä 11-den gowrak ýurtdan 200 töweregi kompaniýa gatnaşdy. Şol sanda bu sergä ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy. Serginiň çäklerinde Türkmenistandan gatnaşan wekiliýet işewürlik maksatlarynyň çäklerinde Başgyrdystanyň we Gazagystanyň wekilleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmagyň ugurlary barada pikir alyşdy.

«AgriTek/FarmTek Astana-2022» Halkara sergisiniň esasy wezipesi işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek we halkara jemgyýetçiligi bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bolup durýar.