logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler
  16.03.2024
912
Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler

Şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Gazagystanda Türki Döwletleriň Guramasynyň oba hojalyk ministrleriniň mejlisi geçiriler. 

 

2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Taraz şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleriniň 3-nji mejlisi geçiriler. Şeýle hem onuň çäklerinde türki döwletleriň agrar forumy guralar.

 

Bu çärelere guramanyň agza hem-de synçy döwletleriň oba hojalyk ministrleri, şeýle hem gyzyklanma bildirýän işewürler düzümleriniň wekilleri gatnaşar. Mejlisiň jemleri boýunça ministrler Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki beýanaty kabul ederler.

 

Türki Döwletleriň Guramasyna Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agzadyr. Şeýle hem Türkmenistan we Wengriýa synçy döwletlerdir.

 

Ogulşat NURYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.