logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gazagystanda ýüze çykan tokaý ýangynlary 2 müň gektar meýdana ýaýrady
  05.09.2022
940
Gazagystanda ýüze çykan tokaý ýangynlary 2 müň gektar meýdana ýaýrady

Gazagystanyň Kostanaý sebitinde tokaý ýangynlary iki günden bäri dowam edýär. Gazagystanyň Daşky gurşaw, geologiýa we tebigy baýlyklar ministrligi ýerli metbugata beren beýanatynda sebitindäki tokaý ýangyny söndürmek boýunça tagallalaryň iki gün dowam edýändigini aýtdy.

 

 

Ýangyn häzirki wagtda 2 müň gektardan gowrak meýdana ýaýrady. Ýangynyň töweregindäki obalara ýaýrama howpy bar bolanlygy sebäpli sebitden 841 adam ewakuasiýa edildi. Dowam edýän tokaý ýangynyna garşy, 100-den gowrak ýangyn söndüriji awtoulag şeýle-de 300-den gowrak işgär göreşýär.