logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tebigaty goramak — ählumumy wezipe
  24.10.2026
20
Tebigaty goramak — ählumumy wezipe

Tebigatyň baýlyklaryny goramak biziň ählimiziň borjumyz bolup, häzirki wagtda şeýle işleri üstünlikli amal etmek ugrunda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Muny 16-njy oktýabrda Ýerewan şäherinde geçirilen Biologik köpdürlülik boýunça Liderler sammiti hem ähli aýdyňlygy bilen tassyklady.

 

Arassa suw, hasylly toprak, dürli görnüşli ösümlikler we haýwanat dünýäsi tebigy deňagramlylygyň esasy bölekleridir. Şol baýlyklary gorap saklamak diňe ekologlaryň ýa-da degişli edaralaryň wezipesi bolman, eýsem, tutuş jemgyýetiň öňünde duran möhüm umumy borçdur.

 

Soňky ýyllarda dünýäde tebigy baýlyklaryň azalýanlygy, tokaýlaryň ýitmegi, suw serişdeleriniň hapalanmagy, çölleşme hadysasynyň güýçlenmegi we howanyň üýtgemegi ýaly meseleler biologik köpdürlüligi goramak meselesine bolan ünsi has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, köp ýurtlarda tebigy ýerleri goramak, seýrek duş gelýän görnüşleriň ýitip gitmeginiň öňüni almak hem-de zaýalanan ekoulgamlary dikeltmek boýunça dürli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

 

Milletler Bileleşiginiň çäklerinde kabul edilen Kunmin–Monreal ählumumy biologik köpdürlülik çarçuwaly maksatnamasy bu ugurdaky möhüm halkara başlangyçlaryň biri bolup durýar. Bu maksatnamada 2030-njy ýyla çenli gury ýerleriň we deňizleriň azyndan 30 göterimini gorag astyna almak, şeýle hem zaýalanan tebigy ulgamlaryň azyndan 30 göterimini dikeltmek maksady öňe sürülýär. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Ýerewan şäherinde geçirilen COP 17 maslahaty hem döwletleriň bu maksatlara ýetmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijelerini seljermek we geljekki çäreleri kesgitlemek üçin möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi.

 

Eziz Diýarymyzda hem tebigy baýlyklary gorap saklamak, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramak, şeýle hem aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ähmiýetini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň goldawy bilen biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy täzelenýär. Bu işleriň dowamynda ýurdumyzyň dürli sebitleriniň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak, gorag çärelerini has-da kämilleşdirmek we tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmek ýaly meselelere aýratyn üns berilýär.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Ýerewan şäherinde geçirilen Biologik köpdürlülik boýunça Liderler sammitine gatnaşyp, onda çuňňur manyly çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara başlangyçlara işjeň gatnaşýandygyny subut etdi. Bu möhüm çäräniň dowamynda tebigy ekoulgamlary goramak, ekologik taslamalary goldamak we döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasynyň kabul edilmegi, ekologiýa abadançylygyny berkitmekde döwletleriň agzybirlikde iş alyp barýandygyny alamatlandyrdy.

 

Muhammet BÄŞIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň

mugallymy.