logo

Latest news:
✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦
Home / Society /Gazanylan zähmet üstünlikleri
  22.10.2022
703
Gazanylan zähmet üstünlikleri

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň gowaça hasylyny ýygnap almak möwsümine ilkinjileriň hatarynda girişen Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň edermen hasyl ussatlary ýygymyň ilkinji günlerinden başlap ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Ýetişdirilen hasyly öz wagtynda zaýasyz ýygnap almakda günüň her bir sagadyndan netijeli peýdalanyp, ýygymyň depginini barha güýçlendirýärler.

Jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barýan «Tejen» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri beýleki hojalyklaryň pagtaçylaryna görelde bolýarlar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap  birleşmesi hem Tejen daýhan birleşiginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen pagta meýdanlarynda hasyl ussatlarynyň arasynda bolup öňdebaryjy kärendeçileri, ýygymçylary, kombaýnçylary höweslendirýärler. Daýhan birleşiginde hem ilkinjileriň biri bolup özleriniň meýilnamalaýyn tabşyrygyny üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelen kärendeçilerden Güljan Saryýewa 7 gektar gowaça meýdanyndan 16700 tonna, Ýazguly Ýazow 2 gektar gowaça meýdanyndan 4500 tonna, Maksat Atdaýew 1 gektar gowaça meýdanyndan 3500 tonnadan gowrak hasyl alyp, bellenen sepgide abraý bilen ýetdiler. Bu kärendeçiler hasyl ussatlarynyň irki möhletde şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerine garamazdan, olaryň atyzlarynda entek hasyl köp. Ilkinji üstünlikden galkynýan pagtaçylar döwlet harmanyna mundan beýläk-de hasyl goşmagy dowam etdirýärler. 

 

Gurbanmyrat JUMAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň işgäri.