logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Gazprom» Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy
  22.04.2023
1102
«Gazprom» Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy

Dünýäde iň tanymal kompaniýalaryň biri bolan «Gazprom» ozal baglaşylan ikitaraplaýyn şertnama laýyklykda 2022-nji ýylda Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gazy satyn aldy. Bu barada golaýda, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin bilen geçirilen söhbetdeşlige salgylanyp, «TASS» agentligi habar berdi.

Şeýle hem ilçi Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz saklamak üçin ýerasty desgalary döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýandygyny belledi.

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kubmetr tebigy gazy satyn aldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Gazprom» kompaniýasy 2019-njy ýylyň iýul aýynda «Türkmengaz» döwlet konserninden (2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli) tebigy gaz satyn almak barada bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. 

 

Bagtyýar AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.