logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Gazuw-barlag işleriniň ýazky möwsümine girişildi
  22.04.2023
790
Gazuw-barlag işleriniň ýazky möwsümine girişildi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki gadymy Abiwerd galasynda gazuw-barlag işleriniň ýazky möwsümine girişildi. Taryhy galada goraghananyň hünärmenleri tarapyndan ýazky möwsümde ylmy işler alnyp barylýar.

Goraghananyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, orta asyr Abiwerd galasyny, onuň diwarlaryny, içki galanyň merkezini, şeýle-de kerwensaraýy içgin öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, geçen möwsümlerde türkmeniň şöhratly geçmişi hakynda gürrüň berýän bu taryhy künjekde netijeli işler alnyp baryldy hem-de özünde ylmy maglumatlary saklaýan keramiki gap-gaçlaryň, mis teňňeleriň we beýleki gymmatlyklaryň onlarçasy ýüze çykaryldy.