logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
  19.04.2026
1149
GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi Moskwa şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasy habar berdi.

 

Mejlise Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Duşuşyklaryň dowamynda diplomatlar halkara hem-de sebitleýin gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. Şeýle-de, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerilip, 2026-njy ýylda GDA-nyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Gurbanow çykyşynda ýurduň ileri tutýan daşary syýasat ugurlaryny beýan edip, GDA giňişligindäki hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn nygtady. Onuň bellemegine görä, bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar.

 

Duşuşygyň dowamynda GDA agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem 2025-nji ýylda amala aşyrylan köpderejeli geňeşmeleriň meýilnamasynyň hem-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlenildi.

 

Mejlisiň jemleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çözgütler kabul edildi. Indiki mejlisiň 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

Zebo JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.